424
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 16-njy maýynda Dünýä ykdysadyýeti boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek II Açyk Halkara Internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu Olimpiadanyň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem özara ylmy, amaly bilimleri we tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys.
Olimpiadanyň resmi dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir.
Olimpiada talyplaryň arasynda özbaşdak bäsleşik görnüşinde geçiriler.
Olimpiada okaýan hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 4-den (dörtden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.
Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri bilen kesgitlenýär.
Olimpiada bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň
https://tsiem.edu.tm/ web-saýtynda ýerleşdiriler.
Olimpiada gatnaşyjylar baradaky maglumatlar 1-nji goşunda laýyklykda 2024-nji ýylyň 25-nji apreline çenli aşakda görkezilen elektron poçtalara iberilmeli:
tsiem.olymp@gmail.com, yazgeldi73@gmail.com
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Telefon: +993 12 48 62 86, +993 62 50 70 77
Elektron poçta: tsiem.olymp@gmail.com, yazgeldi73@gmail.com
Guramaçylyk topary