Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny ykdysadyýet bilen berk utgaşdyrmak, jemgyýetiň bar bolan ähli mümkinçiliklerini doly güýje girizmek we şonuň esasynda Türkmenistany innowasion döwlete öwürmek, häzirki zaman ýokary tehnologik senagaty kemala getirmek, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmek döwletimiziň baş strategik ugry bolup durýar. Şu maksady durmuşa geçirmekde ýokary derejeli ykdysatçy hünärmenlere uly orun degişli bolup, olar Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda taýýarlanylýar.
Institut 1980-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmen halk hojalyk instituty ady bilen Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda döredildi.
Ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenleri häzirki zaman talaplaryna laýyklykda taýýarlamagyň we olaryň hünärini ýokarlandyrmagyň bitewi ulgamyny döretmek şeýle hem ýurdumyzyň dünýä ykdysady bileleşigine işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti 2008-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmen halk hojalyk institutynyň adyny üýtgedip, ony Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty diýip atlandyrmak baradaky Karara gol çekdi. 2011-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hut özi gelip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ajaýyp ykdysady şäherçesini açyp berdi.
Täze binanyň okuw otaglary dünýä talaplaryna laýyk sapaklary geçirmäge niýetlenilip, olar interaktiw tagtalar, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr. Institutda jemi 24 sany kompýuter okuw otagy, 8 sany lingafon kabinet bar. 120, 84, 60 we 40 adamlyk okuw otaglarynyň hemmesinde interaktiw tagtalar oturdylyp, olarda distansion (daş aralykdan) sapaklar hem gurnalýar. Mugallymlara, talyplara optiki süýümli, ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga doly mümkinçilikler döredilendir. Institutdaky kompýuterler tor arkaly birleşdirilip, elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy. Bu bolsa içerki we daşarky resminama dolanyşygyny özünde jemleýär. Şonuň ýaly-da elektron kitaphana ulgamy döredilip, ol mugallymlaryň we talyplaryň maglumat üpjünçiligini kanagatlandyrmakda, wagtlaryny tygşytlamakda amatly şertler döredýär.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binalar toplumynda talyplar üçin niýetlenen 2 sany ýaşaýyş jaýy bolup, onda ähli amatlyklar döredilendir.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak Ykdysadyýet, Maliýe, Menejment we Marketing fakultetlerinde alnyp barylýar, şeýle-de Hünäri ýokarlandyryş fakulteti bolup, onda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, bank ulgamynyň we dürli kärhanalaryň hünärmenleri goşmaça taýýarlyk okuwyny geçýärler. Institutda Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, Statistika, Ykdysadyýet we hukuk, Ykdysady nazaryýet, Maliýe, Bank işi, Sanly ykdysadyýet, Menejment, Maglumat ulgamlary, Dünýä ykdysadyýeti, Marketing, Zähmetiň ykdysadyýeti ýaly gutardyş kafedralary hereket edýär. Şonuň ýaly-da Jemgyýeti öwreniş ylymlary, Daşary ýurt dilleri, Ýokary matematika we informatika, Bedenterbiýe ýaly fakultetara kafedralar hereket edýär.
Okuw binalarynda kompýuterler, proýektorlar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, internet ulgamyna birikdirilen kompýuter otaglary hereket edýär. Şeýle hem okuw binalarynda birnäçe ýöriteleşdirilen okuw otaglary bar.
Institutda sport zaly, sport meýdançalary talyplara beden terbiýesini bermekde hyzmat edýär. Institutymyzyň talyp türgenleri ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Institutda hereket edýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň baýragynyň eýesi «Hazyna» aýdym-saz we tans topary baýramçylyk çärelerinde, döwlet konsertlerinde, tele-radio ýaýlymlarda yzygiderli çykyş edip, halkyň söýgüsine mynasyp bolýarlar.