Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş instituty

Habarlaşmak
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş instituty
icon-close
Habarlaşmak
F.A.A*
E-poçta*
Hatyňyz*
Institutyň taryhy
Institutyň taryhy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny ykdysadyýet bilen berk utgaşdyrmak, jemgyýetiň bar bolan ähli mümkinçiliklerini doly güýje girizmek we şonuň esasynda Türkmenistany innowasion döwlete öwürmek, häzirki zaman ýokary tehnologik senagaty kemala getirmek,  bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmek döwletimiziň baş strategik ugry bolup durýar. Şu maksady durmuşa geçirmekde ýokary derejeli ykdysatçy hünärmenlere uly orun degişli bolup, olar Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda taýýarlanylýar.

Institut 1980-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmen halk hojalyk instituty ady bilen Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda döredildi.       

Ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenleri häzirki zaman talaplaryna laýyklykda taýýarlamagyň we olaryň hünärini ýokarlandyrmagyň bitewi ulgamyny döretmek şeýle hem ýurdumyzyň dünýä ykdysady bileleşigine işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti 2008-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmen halk hojalyk institutynyň adyny üýtgedip, ony Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty diýip atlandyrmak baradaky Karara gol çekdi. 2011-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hut özi gelip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ajaýyp ykdysady şäherçesini açyp berdi.

Täze binanyň okuw otaglary dünýä talaplaryna laýyk sapaklary geçirmäge niýetlenilip, olar interaktiw tagtalar, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr. Institutda jemi 24 sany kompýuter okuw otagy, 8 sany lingafon kabinet bar. 120, 84, 60 we 40 adamlyk okuw otaglarynyň hemmesinde interaktiw tagtalar oturdylyp, olarda distansion (daş aralykdan) sapaklar hem gurnalýar. Mugallymlara, talyplara optiki süýümli, ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga doly mümkinçilikler döredilendir. Institutdaky kompýuterler tor arkaly birleşdirilip, elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy. Bu bolsa içerki we daşarky resminama dolanyşygyny özünde jemleýär. Şonuň ýaly-da elektron kitaphana ulgamy döredilip, ol mugallymlaryň we talyplaryň maglumat üpjünçiligini kanagatlandyrmakda, wagtlaryny tygşytlamakda amatly şertler döredýär.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binalar toplumynda talyplar üçin niýetlenen 2 sany ýaşaýyş jaýy bolup, onda ähli amatlyklar döredilendir.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak Ykdysadyýet, Maliýe, Menejment we Marketing fakultetlerinde alnyp barylýar, şeýle-de Hünäri ýokarlandyryş fakulteti bolup, onda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, bank ulgamynyň we dürli kärhanalaryň hünärmenleri goşmaça taýýarlyk okuwyny geçýärler. Institutda Buhgalterçilik  hasaba alnyşy we audit, Statistika, Ykdysadyýet we hukuk, Ykdysady nazaryýet, Maliýe,  Bank işi, Sanly ykdysadyýet,  Menejment, Maglumat ulgamlary, Dünýä ykdysadyýeti, Marketing, Zähmetiň ykdysadyýeti ýaly gutardyş kafedralary hereket edýär. Şonuň ýaly-da Jemgyýeti öwreniş ylymlary, Daşary ýurt dilleri, Ýokary matematika we informatika, Bedenterbiýe ýaly fakultetara kafedralar hereket edýär.

Okuw binalarynda kompýuterler, proýektorlar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, internet ulgamyna birikdirilen kompýuter otaglary hereket edýär. Şeýle hem okuw binalarynda birnäçe ýöriteleşdirilen okuw otaglary bar.

Institutda sport zaly, sport meýdançalary talyplara beden terbiýesini bermekde hyzmat edýär. Institutymyzyň talyp türgenleri ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Institutda hereket edýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň baýragynyň eýesi «Hazyna» aýdym-saz we tans  topary baýramçylyk çärelerinde, döwlet konsertlerinde, tele-radio ýaýlymlarda yzygiderli çykyş edip, halkyň söýgüsine mynasyp bolýarlar.

Täzelikler
2025-11-01

110

«Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly II halkara ylmy-amaly maslahaty

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlaryny 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda onlaýn görnüşinde geçiriljek «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly II halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Bu maslahatyň özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri we tejribäni öwrenmäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýarys.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň tezislerini 2025-nji ýylyň 12-nji noýabryna çenli şu aşakdaky elektron poçta ibermeli:

tsiem.conference@gmail.com

Maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.

 

Halkara ylmy-amaly maslahat 3 sany bölümde geçiriler:

 I bölüm. Ykdysadyýeti durnukly ösdürmegiň geljekki ugurlary.

II bölüm. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maliýe mehanizminiň orny.

III bölüm. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde menejmentiň we marketingiň orny.

 

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin tezisleri, annotasiýalary we çykyşlary Guramaçylyk toparyna ýollamaly (5-10 minutlyk çykyş, nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti — Times New Roman, ölçegi — 14 pt, setir arasy — 1).

Tapawutlanan tezisleri çap etmek hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.

Maslahat bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň https://tsiem.edu.tm/ web-saýtynda ýerleşdiriler.

 

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

telefon: (+99312) 48-62-71, +99365 65 55 35

elektron poçta: tsiem.conference@gmail.com

2025-11-01

192

Maliýe dersi boýunça II Açyk Halkara internet olimpiadasy

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Maliýe dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek II Açyk Halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu Olimpiadanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem özara ylmy, amaly bilimleri we tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys.

Olimpiadanyň resmi dilleri türkmen, iňlis we rus dilleridir.

Olimpiada talyplaryň arasynda özbaşdak bäsleşik görnüşinde geçiriler. Olimpiada okaýan hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 4-den (dörtden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.

Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri bilen kesgitlenýär.

Olimpiada bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň https://tsiem.edu.tm/ web-saýtynda ýerleşdiriler.

Olimpiada gatnaşyjylar baradaky maglumatlar 1-nji goşunda laýyklykda 2025-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli aşakda görkezilen elektron poçtalara iberilmeli:

 

tsiem.olymp@gmail.com, tsiem.muhanow@gmail.com

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: +993 12 48 62 73, +993 62 03 59 90

Elektron poçta: tsiem.olymp@gmail.com, tsiem.muhanow@gmail.com

https://education.gov.tm/competition-details/241

2025-10-30

13

«Ykdysadyýet» atly hakaton bäsleşigi (29.10.2025ý.)

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Ykdysadyýet” atly hakaton bäsleşigi guramaçylykly geçirildi. Geçirilen onlaýn hakaton bäsleşiginiň netijeleri boýunça üstünlikli çykyş eden toparlar baýrakly orunlara mynasyp boldular hem-de diplomlar bilen sylaglandylar.

2025-08-10

117

Talyplaryň ýürek buýsanjy

Amanowa Altynaý

 

Bilim — ýagty geljegiň binýady. Men - Amanowa Altynaý, bilim ýolunda ilkinji üstünliklerimiň buýsanjyny başdan geçirýän bagtyýar ýaşlaryň biri. Täze eýýamyň ruhy bilen ösýän häzirki nesil üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler her bir raýatyň ukyp-başarnygyna giň ýol açýar.

2024-nji ýylda Mary welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda fizika dersi boýunça geçirilen “Ýaş innowatorlar” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp bolmak meniň üçin diňe bir ýeňiş däl-de, ylyma bolan söýgümiň hem-de geljekde ylmy taýdan ösdürmek isleýän ýolumy kesgitleýän möhüm ädim boldy. Bu üstünlik meniň döretmäge bolan höwesimi artdyrdy we täze gözýetimler açdy.

Şeýle hem, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bäsdeşlik esasynda geçirilen synaglardan üstünlik gazanyp, talyp adyna mynasyp bolmagym meniň üçin beýik ynamyň hem-de borjuň nyşanydyr. Bu ýol diňe bir şahsy üstünlik däl - bu, ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap pikir edýän nesil bolup ýetişmegi ugrunda görülýän döwletli aladanyň miwesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysady ösüşe, ýaşlaryň innowasion pikirlenmegine, ylmy taýdan kämilleşmegine berýän aýratyn ünsleri biz ýaşlary täze maksatlardyr belent arzuwlara ruhlandyrýar.

Geljegi ykdysadyýet we ylmyň baglanyşýan ýerinde görmek isleýän talyp hökmünde, men diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy maksat edinýärin. Biz ýaşlara döredilen ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirýärin. Goý, eziz Watanymyzda ýaşlaryň buýsançly sesleri hemişe belentden ýaňlansyn! Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, ähli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

2025-08-10

172

Talyplaryň ýürek buýsanjy

Men Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Resul Jumaýew.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamy täze derejelere ýetýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasaty ýaşlara giň mümkinçilikleri döredýär. Şol giň mümkinçilikleriň miwesi hökmünde men, 2025–2026-njy okuw ýylynda Türkmen döwlet  ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby bolmak bagtyna eýe boldum.

2024-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň guramagynda geçirilen matematika dersi boýunça ders bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp bolmagym hem meniň bu ugurda edýän yhlasymy we tagallalarymy görkezýär. Bu üstünlik diňe bir meniň däl, eýsem, maňa bilim beren mugallymlarymyň, goldaw beren maşgala agzalarymyň hem üstünligidir.

Men ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşup biljek hünärmen bolmak isleýärin. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň ykdysady taýdan sowatly bolmagy baradaky aýdan  parasatly sözleri maňa ýol görkeziji bolýar. Ykdysady düşünje bilen ýugrulan döwlet syýasaty biziň her birimize maksatly ýaşaýşyň nusgasyny görkezýär.

Men şeýle ajaýyp döwürde ýaşamak, okamak, döretmek bagtyna eýe bolanym üçin örän buýsanýaryn. Bize döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn!

icon
icon
Neşirler

Göreldeli talyplar

1. Merdanow Şadyýan:

Dünýä maliýe bazary taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby

2. Berdiýewa Jennet Allaberdiýewna:

Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby

3. Sapargeldiýewa Leýli Rustamowna:

Maliýe menejmenti taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby

4. Şaimow Arslan Azatowiç:

Menejment taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby

5. Abaýew Ymamhasan Alladurdyýewiç :

Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby

20854

Okyjalaryn sany

icon

2738588

Web sahypany gorenleriň sany

icon
Hyzmatdaşlar

Kazanyň Federal uniwersiteti

Belarusyň alyjylar kooperasiýasynyň söwda-ykdysady uniwersiteti

Braşowyň Transilwaniýa uniwersiteti

Daşkent dowlet ykdysady uniwersiteti

Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasy (CAREC)

Päkistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalar instituty

Malaýziýanyň Sanweý uniwersiteti

Belarus döwlet ykdysadyýet uniwersiteti