Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen «Gaýtadan işlemek tapgyrly ykdysadyýet we durnukly ösüş boýunça innowasion okuw maksatnamalaryny we modullaryny işläp taýýarlamak» atly taslamanyň Ýewropa Bileleşigiň Erasmus+ maksatnamasy.
Taslamanyň esasy maksady:
- Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde adam kapitalyny ösdürmek üçin ýerli bazaryň talaplaryna laýyklykda senagat ykdysadyýeti boýunça halkara ülňülerine laýyk gelýän okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam etmek;
- senagat ykdysadyýeti boýunça hünärmenleriň bilim derejelerini ýokarlandyrmak;
- hyzmatdaş edaralar üçin tehniki kömek we okuw materiallaryny bermek.
Taslamanyň esasy utgaşdyryjysy:
D.Serikbaýew adyndaky Gündogar-Gazagystan tehniki uniwersiteti
Türkmenistan boýunça utgaşdyryjy:
Turkmenistanyň Ylymlar akademiýasy (TYA)
Türkmenistandan Taslama gatnaşyjylar:
Turkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
Türkmen döwlet maliýe instituty.
Taslamanyň hereket edýän möhleti: 2023–2026 ý.ý.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan utgaşdyryjy: Menejment kafedrasynyň müdiri Şallyýew Ç.M.
Taslamanyň işine Ispaniýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistan Respublikalarynyň öňdebaryjy uniwersitetleri gatnaşýarlar.