2022-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professor-mugallymlary, aspirantlary, magistrantlary we talyplary indiki halkara ylmy maslahatlara gatnaşdylar we olaryň tezisleri çap edildi:
2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XIV halkara ylmy maslahatynyň nutuklarynyň gysgaça beýanynda 9 sany çykyşlaryň tezisleri;
2022-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda geçirilen «Berkarar döwletiň täzä eýýamynyň galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň nutuklarynyň gysgaça beýanynda 37 sany çykyşlaryň tezisleri. Halkara ylmy maslahatyň «Innowasion ykdysadyýet» atly V bölüminiň işi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirildi;
2022-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatynyň nutuklarynyň ýygyndysynda 30 sany çykyşlaryň tezisleri.
2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mejlisler zalynda Aziýa Ösüş Bankynyň «Makroykdysady syýasaty işläp düzmek we durmuşa geçirmek babatynda institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly tehniki taslamasynyň çäklerinde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleriniň gatnaşmagynda talyplar bilen maliýe ugry boýunça okuw sapagy geçirildi.