

136
2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 13-ne Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Maliýe dersi boýunça talyplaryň arasynda III Açyk Halkara internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada Türkmenistandan we daşary ýurtlardan, şol sanda, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Azerbeýjan respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyzystan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Omandan, Pakistandan – jemi 72 sany ýokary okuw mekdebiniň 268 talyplary gatnaşdy.
Olimpiadada jemi 121 sany baýrakly ýer yglan edilip, olar 24 – birinji, 41 – ikinji we 56 sany üçünji ýerden ybarat boldy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Maliýe dersi boýunça III Açyk Halkara Internet olimpiadanyň ýeňijilerini gutlaýar.
Institut halkara bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de talyplaryň ylmy işjeňlik mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işleri dowam etdirer.