Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş instituty

Habarlaşmak
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş instituty
icon-close
Habarlaşmak
F.A.A*
E-poçta*
Hatyňyz*

Maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara Olimpiada geçirilýär

2024-10-01

432

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda halkara derejesinde  geçirilýän olimpiadalar türkmen ýaşlarynyň kämil derejede ýokary bilim alýandyklaryna güwä geçýär. 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Maliýe howpsuzlygy boýunça badalga alan halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 10 talyp gatnaşýar. Bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Kakabaý Nurgeldiýew, Nurmuhammet Täjimyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Şabibi Beşimowa, Kyýas Ilmyradow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan Mähri Gubajaýewa, Arslan Şaimow,  Jennet Berdiýewa, Türkmen döwlet maliýe institutyndan Enejan Garajaýewa, Aýsenem Nuryýewa wekilçilik edýärler. Olar bu olimpiadanyň saýlama tapgyrynda hem ýokary netije görkezdiler. Ykdysadyýete halkara tejribelerini ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmek, ýaş nesliň maliýe sowatlylygyny artdyrmak bu bäsleşigiň esasy maksadydyr. Maliýe howpsuzlygy boýunça geçirilýän halkara olimpiadada ýurdumyzdan wekilçilik edýän talyplar ykdysadyýet, maliýe we karz, ykdysady howpsuzlyk, halkara gatnaşyklar, hukuk, informatika boýunça ýumuşlary ýerine ýetirmekde bäsleşýärler.

Halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän ähli şertler üçin talyp ýaşlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan edýärler.