424
Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Sanly ykdysadyýet” boýunça
onlaýn ders bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek ýaşlarymyzyň sanly
tehnologiýalardan netijeli peýdalanmakda ukyplaryny ösdürýär, şeýle hem ýurdumyzda sanly
özgertmeler amala aşyrylýan intellektual tehnologiýalary ulanmak,
çylşyrymly meselelerde bulary işjeň peýdalanmak başarnyklaryny emele getirmäge
ýardam berýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 2023-nji
ýylyň 29-njy sentýabrynda Sanly ykdysadyýet boýunça geçiren onlaýn ders
bäsleşigine ýurdumyzyň 19 sany ýokary okuw mekdeplerinden 76 talyp gatnaşdy.
Bäsleşigiň netijesinde aşakda agzalýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular:
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty,
Türkmen döwlet maliýe instituty,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti,
Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk akademiýasy,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti,
Türkmenistanyň Serhet instituty,
Harby deňiz instituty,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika instituty.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty üstünlikli çykyş eden talyplary ýeňişleri
bilen gutlaýar we bäsleşige işjeň gatnaşan ähli talyplara we olaryň
mugallymlaryna minnetdarlygyny bildirýär we indiki onlaýn ders bäsleşiklerinde
üstünlikleri arzuw edýär!