SANLY BILIM

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy  Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy boýunça  degişli işler alnyp barylýar. Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklyk üçin kompýuter sowatlylygy yzygiderli kämilleşdirilýär.

Konspesiýanyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlan elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça institutda giň möçberli işler alnyp baryldy, şol sanda:

  • Institutymyzyň bar bolan maglumat-aragtanaşyk ulgamynda içerki torda işleýän sanly bilim portaly ornaşdyryldy we elektron kitaphanasy hereket edýär.
  • Institutymyzyň içerki torda hereket edýän bilim portalynda elektron bilim gorlary, ýagny bilim maksatly maglumatlar toplumlary (elektron kitaplar, okuw maksatnamalar, gollanmalar, umumy, amaly we tejribe sapaklaryň sanly toplumy, wideoşekilli we audio maglumatlar, presentasiýalar, testler we logiki sowalnamalar we ş.m.) ýerleşdilirildi hem-de olar yzygiderli baýlaşdyrylýar. Içerki torda yzygiderli ders bäsleşikleri test görnüşinde geçirilýär.
  • Institutda mugallymlar we talyplar üçin ýokary tizlikli internet hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin mümkinçilikler döredildi. Ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky 100 Mbit/s tizlikli aragatnaşyk kanaly maglumat toruna birikdirildi.
  • Ýurdumyzyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen wideoşekilli aragatnaşyk arkaly maslahatlar we okuwlar, ders bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.


Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar