YKDYSADY INNOWASIÝALAR MERKEZI

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Ykdysady innowasiýalar merkezi» institutyň düzüm bölegi bolup, gysgaça TDYDI-niň Ykdysady innowasiýalar merkezi diýlip atlandyrylýar. TDYDI-niň Ykdysady innowasiýalar merkezi 2019-njy ýylda institutyň professor-mugallymlaryny, aspirantlaryny, magistrantlaryny we talyplaryny innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek we ösdürmek babatynda düýpli ylmy-barlaglara çekmek, kafedralarda bilim berlişini we ýerine ýetirýän ylmy işleri utgaşdyrmak maksady bilen döredildi.

TDYDI-niň Ykdysady innowasiýalar merkeziniň wezipeleri şu aşakdakylardan ybarat:

  • innowasion we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň wezipelerini nazara alyp, institutyň düzüm birliklerine Türkmenistanda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlaglaryň maksatnamalaryny işläp düzmäge ýardam etmek;

  • milli we dünýä ylmynyň gazanan üstünliklerini öwrenmek hem-de seljermek, geçirilen seljermeleriň binýadynda milli innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek we ösdürmek babatynda teklipleri taýýarlamak;

  • Türkmenistanda innowasion we sanly ykdysadyýeti ösdürmekde durmuşa geçirilýän institusional özgertmeleri ylmy taýdan seljermek;

  • sanly ykdysadyýetiň ösmeginiň kanunalaýyklygy babatynda ylmy-barlaglary ýerine ýetirmek;

  • sanly ykdysadyýetde gazna biržalarynyň işini kämilleşdirmek babatynda teklipleri işläp taýýarlamak;

  • sanly ykdysadyýete geçiş döwründe innowasion telekeçiligiň işewürlik we guramaçylyk taslamalaryny taýýarlamak;

  • Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň netijeliligi babatynda seljermeleri geçirmek;

  • işewürligiň öňünde durýan meseleleri çözmeklige bagyşlanan ylmy-barlag, seljerme, bilermenlik, maslahat beriji we bilim bermek babatynda ylmy-barlaglary ýerine ýetirmek;

  • ylmy-barlag işleriň ýerine ýetirilişiniň derejesine seljerme bermek;

  • institutyň ylmy gurnaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;

  • ylmyň, önümçiligiň, maýa goýumçylaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;

  • ýokary tehnologiýalara esaslanýan innowasion başlangyçlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça taslamalary taýýarlamak;

  • sanly gurşawa geçmegiň ykdysady görkezijilerini kesgitlemegiň we hasaplamagyň usulýetini işläp taýýarlamak.

  • sanly gurşawda işewürligi alyp barmagyň tehnologiki-programmalaýyn çözgütleriň taslamalaryny taýýarlamak;

  • sanly gurşawda önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň ykdysady netijeliligini kesgitlemegiň usulyýetini taýýarlamak;

  • ýaş mugallymlary we talyplary ylmy döredijilige çekmek.

Ykdysady innowasiýalar merkeziniň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň bilim-ylym, sanly ykdysadyýet, ýokary tehnologiýalar babatyndaky tejribeleri, ylmy gazananlary we innowasiýalary, daşary ýurtly ÝOM-leriň ylmy merkezleri bilen bilelikdäki ylmy-barlaglary alyp barmagyň ýollary we usulyýeti öwrenilýär. Işewürligiň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly gurşawa işewürligiň we sarp edijileriň işjeň utgaşmagyny üpjün edýän sanly platformalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we täze sanly hyzmatlaryny guramak boýunça taslamalar we çözgütler taýýarlanylýar. Okuw-intellektual işleri, treningler, taýýarlanylýan taslamalar, sanly platformalar, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we ş.m. barada teleýaýlymlarda yzygiderli çykyş edilýär, şeýle-de ýurdumyzyň we daşary ýurtly ÝOM-leri hem-de ylmy merkezleri bilen teleköpri arkaly onlaýn okuw sapaklary, tejribe alyşmalar gurnalýar. Sanly platformalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we täze sanly hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça taslamalary we çözgütleri taýýarlamak babatynda dünýä tejribesi öwrenilýär. Ýurdumyzyň sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin teklipler taýýarlanylýar.

Institutyň talyplarynyň arasynda «Geljege nazarlanýan innowasion çemeleşmeler» atly intellektual bäsleşigi yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda geçirilýän ylmy we taslama bäsleşiklerine, sergilere hödürlenilýän işleri we taslamalary taýýarlamaga talyp ýaşlary we mugallymlary çekmek we maslahat bermek işleri alnyp barylýar.



Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar