ÝAŞ ALYMLAR GEŇEŞI

Ylmyň we ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döredijilikli başlangyçlaryny, ukyp-başarnyklaryny, oýlap tapyşlaryny ýüze çykarmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösüşiniň binýadydyr.  Şol nukdaýnazardan, 2017-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutymyzda Ýaş alymlaryň geňeşi döredildi. Ol türkmen ylmynyň ýaş nesli bolan mugallymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň arasynda ylmy-barlag işlerini netijeli alyp barmak hem-de zehinli ýaşlary bu işe çekmek boýunça uly göwrümli işleri amala aşyrýar. Aýratyn zehinli ýaşlary institutyň professor mugallymlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işlerine çekmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen teklipleri taýýarlamak geňeşiň öňünde goýan esasy wezipeleri bolup durýar.

Şeýle hem, ýaş nesliň ylym-bilim ummanyna aralaşmaga bolan höwesini kämilleşdirmek maksady bilen, olara öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmek, ylmyň täze gazananlary barada ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutymyzyň Ýaş alymlaryň geňeşiniň maksadydyr. Bu işleriň ählisi, Arkadag Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden gözbaş alýan düýpli oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady strategiýasynyň aýdyň netijesidir.

Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar