YLYM WE INNOWASIÝALAR

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň kafedralarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda 14488 belgili karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna» laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda hasaba alnan temalar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Kafedralarda ylmy temalary ýerine ýetirmäge tejribeli professor-mugallymlar bilen bir hatarda ýaş mugallymlar hem gatnaşýar. Bu bolsa ýaş mugallymlaryň hünär kämilligine we ylmy taýdan taýýarlygyna oňyn täsir edýär.

Ylmy işleriň birnäçesi Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde ýerine ýetirilýär.

Institutda ylmyň ileri tutulýan aşakdaky ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barylýar:

  • Innowasion ykdysadyýet;
  • Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;
  • Ynsanperwer ylymlar.
Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar