ASPIRANTURA

      Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky 14488 belgili karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işgärler Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Aspirantura bölüminde aspirant, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär, doktorant we ylymlaryň doktory alymlyk derejesine aşakdaky hünärler boýunça taýýarlanylýar:

05.13.18 – Matematiki modelirleme, san usullary we programma toplumlary;

05.19.08 – Senagat harytlarynyň we ýeňil senagat çig mallarynyň haryt taýdan öwrenilişi;

08.00.01 – Ykdysady nazaryýet;

08.00.05 – Ykdysadyýet we halk hojalygyny dolandyrmak;

08.00.10 – Maliýe, pul dolanyşygy we karz;

08.00.12 – Buhgalter hasaby, audit, statistika;

08.00.13 – Ykdysadyýetiň matematiki we gural usullary;

08.00.14 – Dünýä ykdysadyýeti;

12.00.14 – Administratiw hukugy, maliýe-ykdysady hukugy, maglumat hukugy;

22.00.03 – Ykdysady sosiologiýa we demografiýa.

    

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008­-nji ýylyň 14-­nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, ýokary bilimi, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar aspirantura bäsleşik esasynda kabul edilýär. Aspiranturada okuwyň möhleti üç ýyl. Aspirantura girmekçi bolýan şahs institutyň okuw maksatnamasynyň çäklerinde ylmy ugry boýunça hünär dersinden we daşary ýurt dilinden giriş synaglaryny tabşyrýar. Aspirantura kabul edilen şahs Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda öňki eýeleýän wezipesinden boşadylýar we oňa aspirant hökmünde aýlyk haky tölenilýär. Aspiranturada okuw döwri ylmy-mugallymçylyk we ylmy işiň iş möhleti hasaplanylýar.

 Aspirantura bilen baglanyşykly zerur maglumatlary şu ýerde görüp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008­-nji ýylyň 14-­nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaş edýän adam ýokary bilimli bolmaly. Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär dissertasiýasyny taýýarlamak üçin, ylmy hünäri boýunça institutyň degişli kafedrasyna berkidilýär. Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär kandidatlyk dissertasiýasy üçin 3 ýyldan köp bolmadyk möhlete, ylmy hünäri boýunça institutyň degişli kafedrasyna berkidilýär.

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärlik bilen baglanyşykly zerur maglumatlary şu ýerde görüp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-­nji ýylyň 14-­nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, doktorantura ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi we doktorlyk dissertasiýasynyň üçden iki böleginiň ýerine ýetirlendigi barada institutyň ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşiniň güwänamasy, şeýle hem şol Alymlar geňeşi tarapyndan berlen hödürnamasy bolan şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär. Doktoranturada okuwyň möhleti üç ýyl. Doktorant doktorlyk dissertasiýasyny, möhletinden öň taýýarlasa, doktoranturany doly geçen hasaplanýar. Doktorantura kabul edilen şahs öňki eýeleýän wezipesinden Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda boşadylýar we oňa doktorant hökmünde aýlyk haky tölenilýär. Doktoranturada okamak döwri ylmy-mugallymçylyk we ylmy iş döwri hasaplanylýar.

Doktorantura bilen baglanyşykly zerur maglumatlary şu ýerde görüp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008­-nji ýylyň 14­-nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaş edýäniň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolmaly. Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ylmy işini doktorlyk dissertasiýasy görnüşinde taýýarlamak üçin 4 ýyldan köp bolmadyk möhlete institutyň degişli kafedrasyna berkidilýär.

Ylymlaryň  doktory  alymlyk  derejesine  dalaşgärlik  bilen  baglanyşykly  zerur maglumatlary şu ýerde görüp bilersiňiz.


Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar