HALKARA MASLAHATLAR

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professor-mugallymlary Halkara ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar. Hususanda, 2020-nji ýylyň 10 aýynda ýurdumyzda geçirilen «TÜRKMEN BEDEWI WE DÜNÝÄNIŇ SEÝISÇILIK SUNGATY» atly XI halkara ylmy maslahatyna, Ylymlar gününe bagyşlanan «BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNDE YLYM, TEHNIKA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR» atly halkara ylmy maslahatyna institutyň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, magistrantlarynyň we talyplarynyň 168-si işjeň gatnaşdylar we olaryň 115 sany çykyşlarynyň tezisleri çap edildi. Şeýle hem beýleki halkara ylmy-amaly maslahatlarynda 11 sany mugallymyň we magistrantyň çykyşlarynyň tezisleri çap edildi. Bu maslahatyň «YKDYSADY ÖSÜŞ, HUKUK, HALKARA HYZMATDAŞLYK WE SYÝAHATÇYLYK» atly IV bölüminiň işi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda uzak aralykdan wideo şekilli ulgam arkaly geçirildi.

Ýurdumyzda geçirilen «BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRI: HUKUK DÖWLETINI GURMAGYŇ TARYHY TEJRIBESI WE KONSTITUSION ÖZGERTMELER»  atly ylmy-amaly maslahata hem-de «SANLY YKDYSADYÝET – YKDYSADY ÖSÜŞIŇ MÖHÜM UGRY» atly ylmy-amaly maslahata institutymyzyň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, magistrantlarynyň we talyplarynyň 75-si işjeň gatnaşdylar we olardan 56-synyň tezisleri çap edildi.

Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar