HALKARA HYZMATDAŞLYGY

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde amala aşyrylýan ERASMUS PLUS halkara maksatnamalaryna gatnaşmagynda mugallymlar we talyplar hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň çäginde alyş-çalyş we hünäri ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşýarlar.

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, okuw-usuly we ylmy-barlag işleri babatda tejribe alyşmak maksady bilen birnäçe ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Hususanda, Singapuryň Dolandyryşy ösdürmek instituty, Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersiteti, Belarus döwlet ykdysadyýet uniwersiteti, COMSATS Maglumat tehnologiýalary instituty (Päkistan Yslam Respublikasy), Belarusyň alyjylar kooperasiýasynyň söwda-ykdysady uniwersiteti, Brest döwlet tehniki uniwersiteti, Daşkent dowlet ykdysady uniwersiteti, Buharestiň ykdysady bilimler uniwersiteti hem-de Braşowyň Transilwaniýa uniwersiteti bilen ylalaşyklar, şertnamalar we ähtnamalar esasynda hyzmatdaşlyk edilýär.

Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýän Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasyna agza bolmak boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Fedaral gullugynyň Halkara okuw-usulyýet merkezi tarapyndan onlaýn wideo aragatnaşyk arkaly «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda işgärleri taýýarlamak» atly goşmaça hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara institutymyzyň mugallymlary gatnaşdylar.

Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar