DALAŞGÄRLERE

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY 

2021/2022-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:



1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; ykdysadyýet we hukuk; maliýe hukugy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; ykdysady howpsuzlyk; statistika; sanly ykdysadyýet; maliýe menejmenti; gymmatly kagyzlaryň bazary; baha kesmek işi; bank işi we pul dolanyşygy; dünýä maliýe bazary; elektron işewürliginiň ykdysadyýeti; elektron täjirçiligi; dünýä ykdysadyýeti; menejment; işewürlik we telekeçilik; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; döwlet we ýerli dolandyryş; ykdysady kibernetika; täjirçilik (söwda işi); zähmetiň ykdysadyýeti we bazary; ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak; marketing; harytşynaslyk; sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy; söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar; hili dolandyrmak).

2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi.

3.  Senagat ekologiýasy we biotehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: önümiň tehnologiýasy we jemgyýetçilik iýmitini guramak).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12-25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

- şahsy pasportyny;

- harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Institutyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärlerden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i  we 4-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si  we 8-i günleri;

Balkan welaýaty— awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 14-15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

    taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi – matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

  taýýarlygyň beýleki ugurlary – matematika, Türkmenistanyň taryhy; geografiýa;

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.



TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY 

2021/2022-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; menejment, milli ykdysadyýet).

Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.

Instituta taýýarlygyň “Ykdysadyýet” we “Menejment” ugurlary boýunça ýokary bilimden pes bolmadyk, taýýarlygyň “Milli ykdysadyýet” ugry boýunça ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 – 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

– bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

– bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

– ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

– soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

– 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

– şahsy pasportyny;

– harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Institutyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 16-17-sine geçirilýär.

Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: “Ykdysadyýet”, “Milli ykdysadyýet” — ykdysady nazaryýet, Türkmenistanyň ykdysadyýeti;

taýýarlygyň ugry: “Menejment” — ykdysady nazaryýet, menejment.

Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

 

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy: 

Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73,

tel.: 48-62-89, 48-62-75.

Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar