OKUW MERKEZLERI

TDYDI-niň Ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi

 

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi ozalky hojalyk hasaplaşygyndaky ykdysady hünärmenleriň hünärlerini ýokarlandyryş fakultetiniň binýadynda 1993-nji ýylyň iýul aýynda döredildi. Ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi hojalyk hasaplaşygy esasynda hereket edýär.

Ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi Buhgalter, Bank işiniň operatory, Işewürlik we telekeçilik, Işewürlik-informatika taýýarlyk ugurlary boýunça bir ýyllyk okuwlar guralýar.


TDYDI-niň «Audit» okuw merkezi

 

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Audit» okuw merkezi 2000-nji ýylyň fewral aýynda döredildi. Merkez hojalyk hasaplaşygy esasynda hereket edýär. «Audit» okuw merkeziniň özbaşdak balansy, banklarda hasaplaşyk we gaýry hasapnamalary, degişli tertipde bellige alnan döwlet tugrasynyň nusgasy görkezilen möhüri we beýleki firma nyşanlary bar.

«Audit» okuw merkeziniň esasy maksady ykdysady ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Hususanda, okuw merkezinde «Audit» we «Rieltorçylyk işi» boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlary guralýar we yzygiderli geçirilýär.

«Audit» boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynda «Türkmenistanyň kanunçylygy»,  «Buhgalterçilik hasaby alnyşy», «Audit», «Salgytlar we salgyt salmak» hem-de  «Hojalyk işleriniň analizi» dersleri geçilýär.

«Rieltorçylyk işi» boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynda «Raýat hukugy, «Raýat iş ýörediş, «Rieltorçylyk işi, «Gozgalmaýan emlägiň ykdysadyýeti, «Ýaşaýyş jaý hukugy, «Ýer hukugy, «Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy, «Menejment we «Marketing dersleri geçilýär.

 

TDYDI-niň «Menejer» ylmy-önümçilik merkezi


Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Menejer» ylmy-önümçilik merkezi 1994-nji ýylyň aprel aýynda döredildi. «Menejer» ylmy-önümçilik merkezi hojalyk hasaplaşygy esasynda hereket edýär. 

«Menejer» ylmy-önümçilik merkezinde iňlis we rus dillerini öwretmek boýunca, kompýuter sowatlylygy boýunca gysga möhletli okuwlar gurnalýar. Şeýle hem terjimeçilik işleri amala aşyrylýar.


TDYDI-niň «Marketing» okuw-önümçilik merkezi

 

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Marketing» okuw-önümçilik merkezi 2000-nji ýylyň aprel aýynda döredildi. «Marketing» okuw-önümçilik merkeziniň esasy maksady senagat we söwda işgärlerini marketing boýunça okatmak, şu ugurdan hünärmenleri taýýarlamak, söwda we naharhanalar hyzmatlaryny amala aşyrmak bolup durýar.

«Marketing» okuw-önümçilik merkeziniň düzüminde naharhana we «Marketing» boýunça gysga möhletli okuwlary hereket edýär. 

«Marketing» boýunça gysga möhletli okuwlary «Marketing», «Täjirçilik», «Harytşynaslyk» we «Jemgyýetçilik iýmitini guramak» boýunça hünär taýýarlygy okuwlaryny öz içine alýar. Gysga möhletli hünär taýýarlygy okuw kurslary diňleýjileriň öz islegleri boýunça bazara gönükdirilen işleri alyp barýan ähli ugurlarda (pudaklarda) önümçilik, söwda we jemgyýetçilik iýmiti bilen baglanyşykly işleri meyilnamalaşdyrmak, çaklamak, netijesini seljermek we harytlaryň söwdasyny guramak, dolandyrmak, harytlaryň assortimentini we hilini barlamak, bazaryň konýunkturasyny, ilatyň islegini öwrenmegiň we çaklamagyň usullaryny, söwdanyň düzgünlerini, harytlary saklamagyň we satmagyň düzgünlerini, şeýle-de şu meseleler boýunça Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygy meýletin öwrenmäge isleg bildirýän kärhananyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, telekeçiler we bu ugurdan hünärlerini kämilleşdirmek isleýän raýatlar üçin niýetlenendir.

Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar