KITAPHANA

Institutda meýdany 1179,70 m2 deň bolan döwrebap kitaphana hereket edip, onda 430 sany okyja bir wagtda hyzmat etmäge ähli amatly şertler döredilendir. Kitaphananyň Edebiýatlary toplamak we hasaba almak, Edebiýatlary saklamak, Hyzmat etmek bölümleri bolsa işiň sazlaşykly alnyp barylmagyny  üpjün edýär.

Institutyň kitaphanasy hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplaryny, okuw, ylmy, syýasy, ykdysady, çeper edbiýatlary, döwürleýin neşirleriň aglabasyny özünde jemleýär. Kitaphananyň gorunda ykdysady ylmyň we tejribäniň ähli ugurlary boýunça türkmen, rus, iňlis dillerinde edebiýatlar we ýewropa ýurtlarynyň başga dillerinde hem neşirler bar. Kitaphana ykdysadyýet, maliýe, dolandyryş, marketing, ykdysady-matematiki usullar boýunça elektron kitaplar, okuw gollanmalar, usulyýet edebiýatlar we ylmy monografiýalar bilen üpjün edilendir.

Institutda kitaphana gorunyň elektron binýady bolan elektron kitaphana hem hereket edýär. Elektron kitaphana bu innowasion ykdysadyýeti kemala getirmegiň wajyp şerti bolup, okyjylarymyzyň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Elektron kitaphana ýörite gözleg ulgamy bilen üpjün edilen. Şeýle hem gözleg meýdançasyna girip, zerur bolan kitaplaryndan giňden peýdalanyp bilýärler. Elektron kitaphanada edebiýat gözlegini tema, adalga, neşir edilen ýyly boýunça, awtorlar we başga alamatlar arkaly ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredilendir. Elektron kitaphananyň goruny baýlaşdyrmak üçin, kitaphanamyz bir minutda onlarça sahypalaryň suratyny alyp bilýän ýörite robot-skaner bilen enjamlaşdyrylandyr. Kitaphananyň ýokary tizlikli internet ulgamy bilen enjamlaşdyrylmagy bolsa, okyjylarymyzyň bütindünýä intellektual gory bilen tanyşmagyna hem mümkinçilik berýär.

Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar