FAKULTETLER

«YKDYSADYÝET» FAKULTETI

Fakultetde 4 sany kafedra hereket edýär: «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit», «Statistika», «Ykdysadyýet we hukuk», «Ykdysady nazaryýet». Bular gutardyş kafedralarydyr. Fakultetde Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, Ykdysadyýet we hukuk, Maliýe hukugy, Ykdysady howpsuzlyk hünäri we Statistika, Ykdysadyýet bakalawr taýýarlygynyň ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle hem Ykdysadyýet we Milli ykdysadyýet taýýarlyk ugurlary boýunça magistrler taýýarlanylýar.

Fakultetde hünärmenleri taýýarlamak işi ussatlyk derejesi ýokary bolan mugallymlar tarapyndan amala aşyrylýar. Institutymyzyň dünýäniň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze binasy umumy we amaly okuw sapaklaryny ýokary derejede geçirmäge doly mümkinçilik berýär. «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit» kafedrasy boýunça «Buhgalter hasaby» ýöriteleşdirilen okuw otagy hereket edýär.


«MALIÝE» FAKULTETI

Maliýe fakultetinde 4 sany kafedra hereket edýär: Olar «Sanly ykdysadyýet», «Bank işi», «Maliýe», «Jemgyýeti öwreniş ylylmary».

Fakultete degişli ähli hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça bilim alýan talyplara okuw dersleriniň mazmunyny ýokary derejede we döwrüň talabyna laýyklykda ýetirmek maksady bilen okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär, sapaklarda okatmagyň iň täze usullary giňden ulanylýar. Fakultetde dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Olara bank amallaryna, maliýe seljermelerine, ätiýaçlandyryşa we salgyda, ykdysady nazaryýet  meselelerine, döwrebap kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen ykdysadyýetiň we bank ulgamynyň dürli meselelerine degişli temalar girýär. Uçurymlar ýurdumyzyň banklarynda, maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, ätiýaçlandyryş edaralarynda ýokary derejeli hünärmenler hökmünde işläp bilýärler.


«MENEJMENТ» FAKULTETI

Menejment fakultetinde 4 sany kafedra hereket edýär, ýagny, «Menejment», «Maglumat ulgamlary», «Dünýä ykdysadyýeti», «Daşary ýurt dilleri». Kafedralaryň 3-si uçurymlary taýýarlaýan we biri fakultetara – «Daşary ýurt dilleri» kafedrasydyr. Fakultetde ykdysadyýetiň aşakdaky ugurlary boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar: «Dünýä ykdysadyýeti», «Halkara maglumat işewürligi», «Ykdysady kibernetika», «Menejment», «Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy», «Makroykdysadyýet», «Döwlet we ýerli dolandyryş», «Ykdysadyýetde we dolandyryşda maglumat ulgamlary», «Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi», «Işewürlik we telekeçilik», «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary», «Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi». Şeýle hem Menejment taýýarlyk ugry boýunça magistrler taýýarlanylýar.

Menejment fakultetini tamamlan uçurymlar maliýe, ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, häkimliklerde, bank edaralarynda, ilaty durmuş taýdan üpjün ediş edaralarynda, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda zähmet çekýärler.


«MARKETING» FAKULTETI

Marketing fakultetinde jemi 4 sany kafedra hereket edýär. Olar «Marketing», «Zähmetiň ykdysadyýeti», «Ýokary matematika we informatika», «Bedenterbiýe» kafedralarydyr. Ýokardakylardan «Marketing» we «Zähmetiň ykdysadyýeti» kafedralary hünärmen gutardyş kafedralary.

Fakultetde aşakdaky hünärler we taýýarlygyň ugry boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar: «Zähmetiň ykdysadyýeti we bazary», «Ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak», «Marketing», «Harytşynaslyk we harytlaryň ekspertizasy», «Hili dolandyrmak», «Jemgyýetçilik iýmitini guramak», «Täjirçilik», «Önümleriň tehnologiýasy we jemgyýetçilik iýmitini guramak»; «Söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar». Olara esasy hünär ugurlaryna degişli derslerden başga-da Türkmenistanyň taryhy, daşary ýurt dilleri, jemgyýeti öwreniş ylymlary we beýleki dersler öwredilýär.

Okadylýan okuw dersleriniň mazmunyny talyplara ýokary derejede we döwrüň talabyna laýyklykda ýetirmek maksady bilen hemme okuw derslerini okuw meýilnamalary, maksatnamalary täzelenip ähli temalar boýunça okatmagyň täze usullary giňden ulanylýar. Hünärmen taýýarlarmak işi ylmy derejesi ýokary bolan mugallymlara ynanylýar we iň täze okuw enjamlary hem-de esbaplary bilen üpjün edilýär. Fakulteti tamamlan uçurymlar ýurdumyzyň azyk senagaty kärhanalarynda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde we beýleki edaralarda üstünlikli zähmet çekýärler.


HÜNÄRI ÝOKARLANDYRYŞ FAKULTETI

Hünäri ýokarlandyryş fakulteti 2008-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen halk hojalyk institutyny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty diýip atlandyrmak baradaky Permanynyň çäklerinde döredilen täze fakultetleriň biridir. Fakultetiň esasy wezipesi hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak. Okuwlar aşakdaky ugurlar boýunça geçilýär: «Buhgalterçilik hasaba alnyşy», «Bank işi» , «Maliýe», «Menejment», «Marketing», «Ykdysadyýet». Okuwyň dowamlylygy 2 aýdan 4 aýa çenli.

Öz nobatynda belli bir tertibe görä okadylýan sapaklar boýunça ähli okuw maksatnamalary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylýar hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory tarapyndan tassyklanýar. Bularyň ählisi ýurtda kabul edilen bilim standartlaryny üpjün edýär. Eýeçiligiň görnüşine seretmezden fakultetde dürli bank, maliýe, ykdysady ulgamlaryň, dürli kärhanalaryň we guramalaryň işgärleri okadylýar.

Hünäri ýokarlandyryş fakulteti bazar ykdysadyýeti şertlerinde hünärmeniň iş döwründe öz bilimini ýokarlandyrmaga ýardam edýän möhüm bölek bolup durýar.

Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar