KAFEDRALAR

«BUHGALTERÇILIK HASABA ALNYŞY WE AUDIT» KAFEDRASY

Kafedra Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Bu kafedranyň mugallymlary şu aşakdaky derslerden okuw sapaklaryny okadýarlar: «Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň nazaryýeti», «Hojalyk işiniň analiziniň nazaryýeti», «Buhgalterçilik hasaba alnyşy», «Ykdysady analiz», «Pudaklarda buhgalter hasaby», «Pudakda hojalyk işiniň analizi», «Buhgalter ekspertizasy», «Buhgalter hasabynyň taryhy», «Banklarda buhgalter hasaby», «Ätiýaçlandyryş edaralarynda buhgalter hasaby», «Kärhananyň hasabaty», «Audit», «Býujet edaralarynda buhgalter hasaby» we ş.m. 

Kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylalaşylan ylmy tema boýunça işi alnyp barylýar. Ylmy işiň netijeleri, ylmy žurnallarda, gündelik metbugatda çap edilýär we okuw terbiýeçilik işlerinde peýdalanylýar. Kafedranyň mugallymlary kafedra berkidilen ýöriteleşdirilen «Buhgalter hasaby» okuw otagynda okadýarlar. Bu otagda her bir talyp kompýuterler bilen üpjün edilen we sapaklar hakyky kärhanalarda bolşy ýaly hojalyk hasabyny ýöredýän we analiz edýän bölümler bilen üpjün edilip, iş derejäni okuw bilen baglanyşdyryp geçirýärler. Bu okuw otaglary häzirki zaman kompýuterler, multimedia we interaktiw tagtalar bilen üpjün edilendir. Kafedrada ýokary derejeli hünärmenler zähmet çekýärler.


«YKDYSADYÝET WE HUKUK» KAFEDRASY

Kafedra «Ykdysadyýet we hukuk», «Ykdysadyýet we hojalyk hukugy», «Maliýe hukugy», «Ykdysady howpsuzlyk» hünärleri boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Kafedrada hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary», «Döwlet we hukuk nazaryýeti», «Ykdysadyýet we hojalyk hukugy», «Arbitraž iş ýöredişi», «Raýat hukugy», «Halkara täjirçilik arbitraž kazyýeti», «Maliýe hukugy», «Halkara hukugy», «Halkara hususy hukugy», «Jenaýat hukugy», «Zähmet hukugy», «Ulag hukugy», «Borçnamalaýyn hukugy», «Telekeçilik hukugy», «Täjirçilik hukugy», «Ykdysadyýetde düzgün bozulmalary», «Hukuk resminamalaryň düzülişi», «Dolandyryş hukugy», «Hukuk goraýyş edaralar ulgamy», «Gümrük hukugy», «Ekologiýa hukugy» we ş.m. dersler okadylýar. Kafedranyň professor-mugallymlary okuw terbiýeçilik işi bilen bir hatarda ylmy-barlag işlerini hem alyp barýarlar. 

Häzirki wagtda kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylalaşylan ylmy tema boýunça iş alnyp barylýar. Ylmy barlag işiniň netijeleri kafedranyň okuw-terbiýeçilik işleri, okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlananda peýdalanylýar. Kafedrada ýokary derejeli, tejribeli professor-mugallymlar zähmet çekýär.


«STATISTIKA» KAFEDRASY

«Statistika» hünäri – ykdysadyýetde bolup geçýän özgertmeleri, durmuş ýagdaýlaryny öwrenmeklik. Kafedrada «Statistika» hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanyp, olara «Statistikanyň nazaryýeti», «Ykdysady statistika», «Oba hojalygynyň statistikasy», «Durmuş statistikasy», «Söwda statistikasy», «Ilat statistikasy we demografiýanyň esaslary», «Töwerekdäki gurşawyň statistikasy», «Statistika maglumatlary modelirlemek we çaklamak», «Senagat statistikasy» we beýleki dersler öwredilýär. Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça okuw maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Okadylýan okuw dersleri zerur bolan okuw kitaplary we gollanmalary bilen üpjün edildi.

Kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylalaşylan tema boýunça ylmy iş alnyp barylýar. Ylmy-barlag işiniň netijeleri kafedranyň okuw işlerinde peýdalanylýar we ylmy žurnallarda, okuw kitaplarynda we gollanmalarda, şeýle hem gündelik neşirlerde çap edilýär.

Kafedrada ýokary derejeli hünärmenler: ylymlaryň kandidatlary, uly mugallymlar zähmet çekýärler.


«YKDYSADY NAZARYÝET» KAFEDRASY

Kafedrada «Ykdysadyýet» taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar, şeýle-de «Ykdysadyýet», «Milli ykdysadyýet» taýýarlyk ugurlary boýunça magistrler taýýarlanylýar. Kafedra boýunça «Ykdysady nazaryýet we ykdysady taglymatlaryň taryhy», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Milli ykdysadyýet», «Innowasiýa ykdysadyýeti», «Dolandyryş ykdysadyýeti», «Institusional ykdysadyýet» dersleri okadylýar. Kafedrada okadylýan ähli dersler boýunça iş maksatnamalary, okuw gollanmalary we okuw kitaplary taýýarlanyldy. Nazary we amaly taýýarlygyň berk utgaşmagy talyplarda ýurduň ykdysady durmuşynda bolup geçýän hadysalara çuň düşünmek endigini döredýär.


«BANK IŞI» KAFEDRASY

Kafedra aşakdaky ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar: «Dünýä maliýe bazary», «Pul dolanyşygy we karz», «Bank işi we pul dolanyşygy». 

Kafedrada okuw sapaklary «Pul, karz we banklar», «Bank işi», «Pul, karz we banklaryň nazaryýeti», «Dünýä döwletleriň bank ulgamy», «Düýpli goýum işlerini maliýeleşdirmek we karzlaşdyrmak», «Bank hukugy», «Halkara walýuta maliýe we karz maliýe gatnaşyklary», «Birža işi we gymmatly kagyzlar bazary», «Bank marketingi», «Bank menejmenti», «Türkmenistanyň pul karz ulgamy», «Dünýä maliýe bazary», «Maliýe institutlary we instrumentleri» we ş.m. dersler boýunça okadylýar. Ähli dersler boýunça okadylýan umumy we tejribe sapaklary Internet maglumat çeşmeleri bilen täzelenip durulýar we interaktiw usulda geçirilýär. Kafedrada «Bank işi» ýöriteleşdirilen okuw otagy hereket edýär. Kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylalaşylan ylmy tema boýunça iş alnyp barylýar. Talyplaryň okuw taýýarlygyny ýokary derejeli professor-mugallymlar alyp barýarlar.


«MALIÝE» KAFEDRASY

Kafedra aşakdaky hünärleri we taýýarlygyň ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýar: «Maliýe menejmenti», «Gymmatly kagyzlaryň bazary», «Baha kesmek işi», «Sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy». Ähli dersler boýunça okadylýan umumy we tejribe sapaklary Internet maglumat çeşmeleri bilen täzelenip duralýar we interaktiw usulda geçirilýär. Kafedrada «Birža işi» ýöriteleşdirilen okuw otagy hereket edýär. Otagda şertli maglumatlary ulanmak arkaly hem-de internetiň kömegi bilen dünýäde hereket edýän biržalarda amallaryň geçirilişiniň takyk tertibini talyplara görkezmek arkaly sapaklary alyp barmaklyga şertler döredilendir. Kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy bilen ylalaşylan ylmy tema boýunça iş alnyp barylýar. Talyplaryň okuw taýýarlygyny ýokary derejeli professor-mugallymlar alyp barýarlar.


«SANLY YKDYSADYÝET» KAFEDRASY

Kafedrada «Elektron täjirçiligi», «Elektron işewürliginiň ykdysadyýeti» ugry boýunça hünärmenler, «Sanly ykdysadyýet» taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar. Kafedrada  «Sanly ykdysadyýet», «Tor tehnologiýalarynyň esaslary», «Maglumatlary işläp taýýarlamagyň paýlaşdyrylan ulgamlary», «Web dizaýn we programmirlemek», «MT taslamalary dolandyrmak», «Elektron işewürligi», «Elektron tajirçiligi», «Maglumat howpsuzlygy», «Elektron logistika» we ş.m. dersler okadylýar. Kafedrada okadylýan «Sanly ykdysadyýet» dersi institutda taýýarlanylýan ähli hünärlerde okadylýar. Okadylýan dersler boýunça tejribe sapaklary maksatnama laýyklykda fakultetlerdäki ýöriteleşdirilen kompýuter okuw otaglarynda tejribelik ýumuşlaryny ýerine ýetirmek bilen özleşdirilýär. Sanly ykdysadyýet dersinden talyplaryň gündelik we döwürleýin ýerine ýetirmeli özbaşdak ýumuşlarynyň sanawy hem işlenip taýýarlanylan we olar Internetden maglumat alyp ýerine ýetirmäge gönükdirilen.

Kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy bilen ylalaşylan ylmy tema boýunça iş alnyp barylýar. Talyplaryň okuw taýýarlygyny ýokary derejeli professor-mugallymlar alyp barýarlar.


«JEMGYÝETI ÖWRENIŞ YLYMLARY» KAFEDRASY

«Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynda bilim-terbiýeçilik işleriniň hilini ýokarlandyrmaga, berilýän bilimleriň çuň ylmy esasly bolmagyny gazanmaga, dünýä ölçeglerine laýyk, intellektual taýdan ösen, döwrebap hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Döwür her bir adamdan ösen enjamlardan, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegi talap edýär. «Türkmenistanyň taryhy», «Filosofiýa», «Sosiologiýa», «Syýasaty öwreniş», «Psihologiýa we pedagogika», «Häzirki zaman türkmen jemgyýeti» dersleri boýunça talyplara bilim berilýär. Kafedranyň mugallymlary jemgyýetçilik-syýasy, köpçülikleýin-medeni we sport çärelerine işeňňir gatnaşyp, institutymyzyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şäher häkimlikleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň sagbolsunlaryna mynasyp bolýarlar. Okuw işiniň terbiýeçilik işi bilen utgaşykly alyp gitmek okuwdan daşary geçirilýän çäreleriň, ýagny dersler boýunça dürli bäsleşikleriň, sport çäreleriniň, edep-ekram, ahlak arassalygy, şeýle-de neşe ýaly ýaramaz endiklere garşy alnyp barylýan yzygiderli işleriň uly ähmiýeti bar.


«MENEJMENT» KAFEDRASY

Kafedrada aşakdaky hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar: «Menejment», «Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy», «Döwlet we ýerli dolandyrylyş», «Makroykdysadyýet», «Işewürlik we telekeçilik», şeýle hem «Menejment» taýýarlyk ugry boýunça magistrler taýýaranylýar.

Kafedrada «Kärhananyň ykdysadyýeti», «Mikroykdysadyýet», «Makroykdysadyýet», «Menejment», «Strategiki menejment», «Işgärleri dolandyrmak», «Telekeçilik işini guramak», «Taslamalary dolandyrmak», «Durmuş ykdysady ösüşi meýilnamalaşdyrmak we çaklamak», «Önümçiligi guramak», «Dolandyryşyň psihologiýasy», «Halkara menejmenti», «Maýa goýumlar», «Gozgalmaýan emlägiň ykdysadyýeti», «Hyzmatlar ulgamynda menejment», «Ýerli dolandyryş», «Ykdysady diagnostika», «Döwlet strategiki dolandyryş», «Ykdysady sosiologiýa» ýaly dersler boýunça okuwlar geçirilýär.

Ähli dersler boýunça okadylýan umumy we amaly sapaklary dürli çeşmeler arkaly täzelenilýär we internet maglumatlary giňden ulanylýar. Okuw sapaklary interaktiw usulda alnyp barylýar.

Kafedrada ykdysady ylymlaryň kandidatlary, uly mugallymlar we mugallymlar zähmet çekýärler.

«Menejment» kafedrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylalaşylan ylmy tema boýunça iş alnyp barylýar. Bu ylmy temanyň işine ähli mugallymlar işjeň gatnaşýarlar.


«DÜNYÄ YKDYSADYÝETI» KAFEDRASY

«Dünýä ykdysadyýeti» kafedrasy ýurdumyzda taýýarlanylýan ykdysatçylara dünýä hojalygy barada umumy düşünje bermek we bu ugurdan ýörite hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, 1992-nji ýylda döredildi. Kafedra «Dünýä ykdysadyýeti» hünäri boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ugurda taýýarlanylýan hünärmenler ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklary bilen iş salyşýan pudaklarynda, edaralarynda işleýärler. Häzirki wagtda «Dünýä ykdysadyýeti» hünäri boýunça taýýarlanan hünärmenleriň ýüzlerçesi halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamynda dürli wezipelerde zähmet çekýärler.

Kafedrada ylmyň birnäçe ugurlary boýunça işler alnyp barylýar.

Hünär boýunça okadylýan dersler, okuw maksatnamalary dünýä boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän reýting bäsleşiginde ilkinji onluga girýän okuw merkezleriniň şu hünär boýunça taýýarlaýan kafedralarynyň okuw we iş maksatnamalaryna laýyk getirildi. Kafedranyň mugallymlary bilim derejesi hem-de gözýetiminiň giňligi bilen tapawutlanýarlar. Olardan ylymlaryň doktory, kandidatlary bolup, ýurdumyzyň çalt depgin bilen ösýän ykdysady kuwwaty we daşary ykdysady gatnaşyklary üçin niýetlenen hünärmenleri taýýarlamakda mynasyp işleri amala aşyrýarlar.


«MAGLUMAT ULGAMLARY» KAFEDRASY

Kafedrada aşakdaky hünärler we taýýarlyk ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar: «Ykdysady kibernetika», «Ykdysadyýetde we dolandyryşda maglumat ulgamlary», «Awtomatlaşdyrylan ulgamynyň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi», «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, «Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi». Umumy sapaklar interaktiw, multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda, tejribe sapaklary internet ulgamyna birleşdirilen, häzirkizaman kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kompýuter otaglarynda geçirilýär. Ýöriteleşdirilen okuw otaglary «Programmirlemegiň häzirki zaman tehnologiýalary», «Maglumatlar bazalary», «Operasion ulgamlary we gurşawlary», «Maglumat ulgamlary taslamak», «Ykdysadyýetde we dolandyryşda internet», «Maglumat howpsuzlygy», «Halkara maglumat işewürligi» ýaly hünär derslerini kämil derejede öwretmäge ýardam edýär.

Kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy tarapyndan ylalaşylan ylmy iş alnyp barylýar.

Hünärmenleriň taýýarlygyny ylmy derejesi ýokary bolan hünarmenler, ylmyň kandidatlary we uly mugallymlar alyp barýarlar.


«DAŞARY ÝURT DILLERI» KAFEDRASY

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýokary okuw mekdebini tamamlan her bir uçurym daşary ýurt dillerini bilmelidir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň baş maksady sözleýiş endiklerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, jemgyýetçilik-syýasy edebiýatlara düşünmek, şeýle-de hünärleri boýunça adalgalary özleşdirmegiň netijesinde erkin okamak, gürlemek endigini kemala getirmekden ybaratdyr.

Kafedrada «Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti», «Hünäri boýunça iňlis dili», «Hünäri boýunça rus dili», «Hünäri boýunça hytaý dili», Hünäri boýunça ýapon dili» dersleri okadylýar. Daşary ýurt dillerini talyplara öwretmekde, diňleýiş, sözleýiş, okaýyş, ýazuw endiklerini we başarnyklaryny ösdürmekde ýoriteleşdirilen lingafon otaglardan doly peýdalanylýar.

«Daşary ýurt dilleri» kafedrasynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy bilen ylalaşylan ylmy işiň üstünde işlenilýär.

Gepleşik endiklerini ösdürmek üçin talyplar bilen dil tejribesi geçirilýär. Kafedranyň mugallymlary diňe daşary ýurt dillerini öwretmek bilen çäklenmän, eýsem medeni-köpçülikleýin we terbiýeçilik işine hem uly goşant goşýarlar.


«MARKETING» KAFEDRASY

Kafedrada şu aşakdaky hünärler we taýýarlyk ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar: «Marketing», «Hili dolandyrmak», «Harytşynaslyk we harytlaryň ekspertizasy», «Önümleriň tehnologiýasy we jemgyýetçilik iýmitini guramak», «Täjirçilik», «Söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar». Kafedra boýunça taýýarlanýan hünärmenler alyp barýan ähli ugurlarda (pudaklarda) önümçilik-söwda, ykdysady-analitik, guramaçylyk-dolandyryş we barlag işleri üçin gözegçi, derňeýji-synagçy we metrologiýa, standartlaşdyrmak işlerini amala aşyrmak, lomaý we bölek satuw söwda kärhanalarynda, haryt önümçiligi bilen baglanyşykly döwlet we hususy kärhanalarda, firmalarda, şeýle-de harytlaryň hilini barlamak, isleg ödeýiş häsiýetlerini bahalamak, bäsdeşlik ukybyny anyklamak bilen meşgullanýan gulluklarda ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-önümçilik birleşiklerinde, ýokary okuw mekdeplerinde, ýörite hünär mekdeplerinde işlemek üçin ulanylyp bilner. Dersleri okatmaklyk häzirki zaman döwrebap interaktiw, multimedia tehnologiýalaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Kafedrada ýöriteleşdirilen okuw otaglary bar: «Azyk önümleriň ekspertizasy we marketingi», «Azyk däl önümleriň ekspertizasy we marketingi», «Harytşynaslyk we dizaýnerçilik». Yöriteleşdirilen okuw otaglarynda ýurdumyzyň iň öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynda öndürilen önümleriň nusgalary bilen bezelip, şol nusgalaryň assortimentiň, hili, bäsdeşlik ukyby bilen talyplar sapaklarda yzygiderli tanyşýarlar. Şeýle-de kafedrada «Azyk önümleriň hil barlaghanasy», «Azyk däl önümleriň hil barlaghanasy», «Hili dolandyrmak» hünäriniň hil barlaghanasy bolup, olarda dünýä ülňülerine gabat gelýän barlaghana enjamlary oturdylyp, olary talyplar derslerde, ýyllyk, diplom, ylmy işleri ýerine ýetirenlerinde ulanýarlar.

Kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen ylalaşylan tema boýunça ylmy iş alnyp barylýar. Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynyň strategik ugurlaryny we bazarynyň ýagdaýyny derňemek arkaly, öndürilýän önümleriň hiliniň we assortimentiniň aýratynlyklaryny, içerki we daşarky bazarlarda, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça kärhanalardaky alnyp barylýan marketing işini derňemekden we kämilleşdirmekden ybaratdyr. Kafedrada professordyr, dosentler, ylymlaryň kandidatlary we uly mugallymlar zähmet çekýärler.


«ZÄHMETIŇ YKDYSADYÝETI» KAFEDRASY

Kafedrada «Zähmetiň ykdysadyýeti we bazary» hem-de «Ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak» hünärleri we taýýarlyk ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. «Zähmetiň ykdysadyýeti we bazary» hünäri boýunça hünärmenler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda zähmet bilen baglanyşykly durmuş-ykdysady, guramaçylyk-dolandyryş işlerini amala aşyrmak üçin taýýarlanylýar. «Ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak» hünäri pensiýa üpjünçiligi we ilatyň durmuş goraglylygy bilen baglanyşykly işleri amala aşyrmak üçin taýýarlanylýar. Hünärmenler ministrliklerde, edara-kärhanalarda, aýratyn hem Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň edaralarynda zähmet çekýärler.

Dersler boýunça sapaklar interaktiw we multimediýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýöriteleşdirilen okuw otaglarynda alnyp barylýar. Hünärmenleri taýýarlamak işi ýokary derejeli mugallymlar tarapyndan alnyp barylýar.


«ÝOKARY MATEMATIKA WE INFORMATIKA» KAFEDRASY

Kafedra Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda onuň döredilen döwründen bäri işläp gelýän kafedralaryň biridir. Bu kafedranyň paýyna geljekde öz ykbalyny ykdysadyýet bilen baglanyşdyrýan ýaş nesle düýpli matematiki bilim bermek wezipesi düşýär. Kafedranyň mugallymlary institutda ähli hünärler boýunça talyplara «Ýokary matematika», «Ahtimallyklaryň nazaryýeti we matematiki statistika», «Ykdysady-matematiki usullar we modeller», «Optimallaşdyrma usullary», «Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary» we« Ekonometrika» dersleriniň esaslary boýunça bilim berýärler.

Kafedrada okadylýan sapaklar umumy we amaly görnüşde bolup, olar, esasan, «mugallym-talyp» gatnaşyklaryny nusgawy görnüşde guramak usuly boýunça alnyp barylýar. Ykdysady-matematiki modellere degişli çyzgylar we olar hakda hormatly Prezidentimiziň aýdan pähimleri matematiki derslerden sapak geçilýän okuw otaglaryny bezeýär.

Kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylalaşylan tema boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Olarda ylymlaryň kandidatlary, uly mugallymlar we mugallymlar zähmet çekýärler. Kafedranyň mugallymlary öz öňlerinde goýlan wezipä hötde gelmek üçin talyplary dürli bäsleşiklere we ylmy işlere hemişe çekýärler. Netijede, olaryň ýolbaşçylygynda institutyň talyplary ýylyň ýylyna ýokary matematika boýunça döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiginde baýrakly orunlary eýeleýärler.


«BEDENTERBIÝE» KAFEDRASY

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda talyplaryň beden taýdan sagdynlygyny we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň saglygyny berkitmek üçin ähli şertler döredilendir.

Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde gurlup ulanylmaga berlen täze sport toplumy iň döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Munuň özi sagdyn, berk bedenli ruhubelent, kämil ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, talyp ýaşlaryň bedenterbiýä, sporta bolan höwesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda «Bedenterbiýe» kafedrasy we talyplar sport kluby netijeli işleri alyp barýarlar. Institutyň «Bedenterbiýe» kafedrasynda we sport klubunda ýokary derejeli tälimçi-mugallymlar, sport eminleri işleýärler we okuw-türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Institutda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.

Institutda basketbol, woleýbol, göreş, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça türgenleşik we ýaryş geçirilýän jaýlar, tennis korty, futbol, woleýbol meýdançalary, küşt kluby, bedenterbiýe-sagaldyş toplumy bar. Talyp ýaşlar sapakdan boş wagtlary bu gurnaklaryň işine diýseň höwesli gatnaşýarlar.

Institutyň talyplary ýurt möçberinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikleri gazanýarlar, halkara ýaryşlarynda yzygiderli çykyş edip durýarlar.

Institutymyzyň türgenleri paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyp, 4 altyn, 2 kümüş, 2 bürünç medallara mynasyp boldular.

Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar