BILIM

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyklykda institutymyzda şu aşakdaky hünärler we taýýarlyk ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärlerykdysadyýet we hukuk; maliýe hukugy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; ykdysady howpsuzlyk; dünýä maliýe bazary; elektron işewürliginiň ykdysadyýeti; elektron täjirçiligi; dünýä ykdysadyýeti; hili dolandyrmak; harytşynaslyk we harytlaryň ekspertizasy).

Bakalawrlary taýýarlamagyň ugurlary:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; statistika; sanly ykdysadyýet; maliýe menejmenti; gymmatly kagyzlaryň bazary; baha kesmek işi; bank işi we pul dolanyşygy; sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy; menejment; işewürlik we telekeçilik; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; döwlet we ýerli dolandyryş; ykdysady kibernetika; täjirçilik; zähmetiň ykdysadyýeti we bazary; ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak; marketing; önümleriň tehnologiýasy we jemgyýetçilik iýmitini guramak; söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar.

2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary:maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi).

Magistrleri taýýarlamagyň ugurlary: 

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; menejment; milli ykdysadyýet).

Okatmagyň işjeň usullaryny ornaşdyrmak üçin institutyň her okuw binasynda häzirki zaman kompýuterleri, proýektorlary bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, şeýle hem sanly ykdysadyýet, bank işi, birža işi, buhgalter hasaby, azyk önümleriniň marketingi we ekspertizasy, azyk däl önümleriň marketingi we ekspertizasy, harytşynaslyk we dizaýn ýaly ýöriteleşdirilen okuw otaglary; hil; azyk we azyk däl önümleriň hili boýunça barlaghanalar bar.

Häzirki wagtda kafedralar tarapyndan ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Olaryň netijeleri ýurduň ministrliklerinde we bölümlerinde durmuşa geçirilýär.

Institutyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň onlarçasy ýurtda geçirilýän ýaş alymlaryň bäşleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.

Institutyň zehinli talyplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşýarlar we öňdebaryjy orunlary eýeleýärler.

Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar