Sanly innowasiýalar bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde  sanly ulgama geçmek boýunça alnyp barylýan özgertmelere ýaşlary giňden çekmek, bu ugurda ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny netijeli peýdalanmak  babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

     Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021--2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge goşandyny goşmak, sanly ykdysadyýeti dolandyrmaga, döwrebap tehnologiýalar bilen işlemäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilen «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşige Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary, magistrantlary we talyplary gatnaşdylar. «Innowasion şäher» tematiki ugry boýunça institutyň magistranty Şageldi Weliýew I orna we  «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT -taslamalar» tematiki ugry boýunça institutyň mugallymy Narly Babanazarow III orna mynasyp boldular.