Institutyň taryhy


Institut 1980-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmen halk hojalyk instituty ady bilen Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda döredildi. 

Ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşmaga ukyply ýokary derejeli hünärmenleri häzirki zaman talaplaryna laýyklykda taýýarlamagyň we olaryň hünärini ýokarlandyrmagyň bitewi ulgamyny döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň dünýä ykdysady bileleşigine işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmen halk hojalyk institutynyň adyny üýtgedip, ony Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty diýip atlandyrmak baradaky Karara gol çekdi. 2011-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda bolsa Ýurt Baştutanymyzyň hut özi gelip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ajaýyp ykdysady şäherçesini açyp berdi. Täze binanyň okuw otaglary dünýä talaplaryna laýyk sapaklary geçirmäge niýetlenilip, olar interaktiw tagtalar, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak Ykdysadyýet, Maliýe, Menejment, Marketing fakultetlerinde alnyp barylýar, şeýle-de Hünäri ýokarlandyryş fakulteti bolup, onda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, bank ulgamynyň we dürli kärhanalaryň hünärmenleri goşmaça taýýarlyk okuwyny geçýärler.

Institutda Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, Statistika, Ykdysadyýet we hukuk, Ykdysady nazaryýet, Maliýe, Bank işi, Sanly ykdysadyýet, Menejment, Maglumat ulgamlary, Dünýä ykdysadyýeti, Marketing, Zähmetiň ykdysadyýeti ýaly gutardyş kafedralar hereket edýär, şeýle-de Jemgyýeti öwreniş ylymlary, Daşary ýurt dilleri, Ýokary matematika we informatika, Bedenterbiýe ýaly fakultetara kafedralar hereket edýär.


Esasy görkezijiler
3320
Talyplar
52
Ugurlar
277
Mugallymlar