TÜRKMEN MEDENIÝETI DÜNÝÄ NAZARYNDA

     Türkmen topragynyň dünýä siwilizasiýasynyň kemala gelmegine, geljekki ösüşine saldamly goşant goşan möhüm medeni merkezleriň biridigine taryhy çeşmeler şaýatlyk edýär. Sahawatly türkmen topragy Jeýtun, Änew, Altyndepe, Marguş ýaly iňňän gadymy we baý medeni merkezleri, Beýik Parfiýa, Seljuk, Köneürgenç türkmen döwletleri ýaly yklymlary birleşdiren ägirt uly imperiýalary, Merw, Nusaý, Şähryslam, Sarahs, Köneürgenç, Abiwerd, Amul ýaly kuwwatly we baý şäherleri, nepis türkmen halylary, ajaýyp şaý-sepleri, behişdi bedewleri bilen dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran ýurtdur. 

     Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baýdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde şeýle ýadygärlikleriň 2000-e golaýy hasaba alnyp, olar halkymyzyň baý geçmiş-taryhyny öwrenmek bilen bir hatarda, onuň dünýä medeniýetindäki ornuny açyp görkezmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigini ýurdumyzdaky taryhy-medeni ýadygärlikleriň birnäçesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulandygy hem aýdyň tassyklaýar. Has takygy, 1999-njy ýylda Gadymy Merw, 2005-nji ýylda Köneürgenç, 2007-nji ýylda bolsa Nusaý ýadygärlikleri bu sanawda mynasyp orny eýeläp, häzirki wagtda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, şeýle-de syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

     Ýurdumyz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Türkmenistan 1993-nji ýylda bu abraýly halkara guramasynyň doly ygtyýarly agzasy boldy. Şeýle-de ýurdumyz ÝUNESKO-nyň Konwensiýalarynyň birnäçesine goşuldy. Ýeri gelende aýtsak, olaryň arasynda 1972-nji ýylda Parižde kabul edilen Bütindünýä medeni we tebigy mirasy baradaky Konwensiýa hem bar.

     Diýarymyzyň çäklerindäki taryhy ýadygärlikler dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyrýar. Ylaýta-da, olaryň jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekmegi ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň ösüşine ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr. Mälim bolşy ýaly, Italiýanyň döwlet teleradio gepleşikleri korporasiýasynyň «Rai 3» teleýaýlymy Türkmenistany  2018-nji ýylda iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde atlandyrdy. Şonda teleýaýlym tomaşaçylaryň arasynda sorag-jogap geçirdi hem-de meşhur ugurlaryň sanawyny düzdi. Ses bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistan «Taryh» derejesinde birinji ýere mynasyp boldy.

     Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugry boýunça syýahatlar meşhur ugurlaryň biridir. Ol Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý galasy ýaly ýadygärlikleri öz içine alýar. Şeýle-de bu ugur boýunça Änewe, Dehistana, ady rowaýata öwrülen Marguşyň merkezi bolan Goňurdepä, Mäne babanyň binagärlik toplumyna, Abiwerd, Köne Kaka we Amul şäherlerine, Alamberdar kümmetine, Daýahatyn kerwensaraýyna, Şasenem, Diýarbekir, Yzmykşir (Zamahşar) galalaryna we beýleki taryhy ýadygärliklere gezelençler göz öňüne tutuldy. 

     Häzirki wagtda bu taryhy ýadygärlikleri öwrenmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 – 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň ýadygärlikleriniň birnäçesinde, hususan-da Ahal welaýatyndaky Abiwerd, Paryzdepe, Şährihaýbar, Şähryslam ýadygärliklerinde, Balkan welaýatyndaky Dehistan ybadathana metjidinde hem-de Isgendergala ýadygärliginde, Daşoguz welaýatyndaky Köneürgenç kerwensaraýynda, Lebap welaýatyndaky Amul galasynda hem-de Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatyndaky Daşrabat (Daňdanakan) ýadygärliginde hem-de Uly Gyzgalada ylmy-barlag işlerini geçirmek bellenildi.

     Türkmen halkynyň milli ruhy gymmatlyklary bu günki gün dünýäni nazarlaýar. 2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň Namibiýa Respublikasynda geçirilen 10-njy mejlisinde, Maddy däl mirasyň görnükli nusgalarynyň sanawyna «Görogly» şadessanynyň girizilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. 

     «Görogly» şadessany ýaş nesillerimizi milli ýörelgeler esasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Hakykatda bu şadessan tutuşlygyna watansöýüjilige we terbiýeçilige ýugrulandyr. Muny dessançy bagşylarymyz tarapyndan höwes bilen ýerine ýetirilýän şahalary hem tassyklaýar. Şadessanda Göroglynyň keşbi edermenligi, mertligi suratlandyrylsa, onuň kyrk ýigidiniň çeper keşbiniň üsti bilen halkymyzyň myhmansöýerlik, ak ýüreklilik, batyrgaýlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri beýan edilýär. Şeýle hem bu gymmatly eser ýaş bagşylarda aýdym aýtmagyň, saz çalmagyň, goşgulary çeper okamagyň, şeýle hem kyssany örän täsirli edip beýan etmegiň kämil tejribesini, çeperçilik däplerini terbiýeleýär. Şadessandaky şöhratly geçmişimiz, däp-dessurlarymyz, ruhy ýörelgelerimiz, kämil ahlak kadalarymyz ýaşlar üçin uly gymmatlykdyr.

     Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm bölegi bolan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara toparynyň  2017-nji ýylyň dekabrynda Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde geçirilen 12-nji mejlisinde «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans dessurynyň maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň baý ruhy medeniýeti bilen dünýä jemgyýetçiliginiň has içgin tanyşmagyna itergi berdi. Hoşniýetli duýgulara we arzuwlara daýanýan döredijilik şygryýeti ýerine ýetirijilik sungatynda möhüm orny eýeleýär. Türkmen milli küştdepdi tansy ýerine ýetirilende şygyrlaryň, aýdymlaryň, tans hereketleriniň üsti bilen halkymyzyň päk arzuwlary, hoşniýetleri beýan edilýär. «Küştdepdi» dessury ruhy we medeni gymmatlyklar esasynda nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy emele getirýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» kitabynda: «Milli tans döredijiligini küştdepdisiz göz öňüne getirmek mümkin däl. «Küştdepdi» tansy türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi — idealydyr. Sebäbi bu kämil sungat eserinde milli ýörelgelerimiziň gadymy parçalary saklanyp galypdyr, şol bir wagtda bu tansda döwrebap ruhy öwüşginler öz mynasyp ornuny tapýar. Halkyň ruhy dili, pelsepesi, ýaşaýşa synmaz söýgüsi beýan edilýär» diýip belleýär.

     Küştdepdi türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşantlarynyň biridir. Biziň halkymyz «Küştdepdi» tans hereketleriniň üsti bilen milli ruhy baýlyklarymyzy, ajaýyp gylyk-häsiýetlerimizi açyp görkezýärler, ýerine ýetirijiler ähli usullaryň döwrebap derejede saklanyp galmagyna işjeň gatnaşýarlar. Halkymyzyň toý-baýramly dabaralary milli tanslar bilen, tans döredijiligi bolsa küştdepdi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

     Milli mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi, wagyz edilmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Jennet Begliýewa, 

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy