Halyçylyk - gadymy senet

     Gözelligiň we kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan türkmen halysy özüniň üýtgeşik owadanlygy, nepisligi bilen has ir döwürlerden bäri dünýäde meşhurlyga eýe bolup gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmeniň päk kalbynyň beýany bolan halyçylyk sungatyny düýpli öwrenmäge giň ýollar açyldy. Bu ugurda alnyp barylýan işler, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde  Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilmegi halkymyzyň gadymy halyçylyk senediniň at-owazasyny äleme ýaýdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara toparynyň 14-nji mejlisinde türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

     Türkmen halkynyň medeni mirasyna, maddy gymmatlyklaryna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň 2011-nji ýylda “Janly rowaýat”, 2016-njy ýylda bolsa “Arşyň nepisligi” atly kitaplary halkymyza gowuşdy. Bu eserlerde türkmen gelin-gyzlarynyň döreden täsin ägirt uly halylaryna we ikitaraplaýyn halylara aýratyn orun berilýär. Eserlerde meýdany 301 inedördül metre deň bolan “Altyn asyr” halysynyň dünýäde el bilen dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilmegi, onuň taryhy ähmiýeti barada gyzykly maglumatlar beýan edilýär.

     Dünýä gymmatlyklarynyň arasynda şunuň ýaly mynasyp orun alan halyçylyk senedimiz taryhy gözbaşlaryny gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmen halysynyň nagyşlarynda asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän taryhy maglumatlar ýatyr. Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan we ilkinji medeni ojak hasap edilen ýerlerden halyçylyk esbaplarynyň tapylmagy bulara şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň günbatarynda ýerleşen Sumbar jülgesi geçmişde baý medeni ojaklaryň biri bolup, ol ýerden tapylan tapyndylar gadymy ilatyň durmuşynyň köp taraplaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şol ýerden giçki bürünç asyryna degişli birnäçe goşa tegelek ikbaşlaryň, häzirki haly keserlerine degişli esbaplaryň, temençeleriň  tapylmagy gadymy Sumbar jülgesiniň halyçylyk senediniň ilkinji dörän ýerleriniň biridigine şaýatlyk edýär.

     Sumbar jülgesinden tapylan gadymy zatlaryň arasyndaky temençe we ikbaşlar ýüňüň ilkinji işlenilişini alamatlandyrýar. Ol ýerde ýüze çykarylan haly keserleriniň häzirki döwrüň keserleri bilen meňzeşligi bolsa-da olar ýasalan önümleri boýunça tapawutlanypdyrlar. Halyçylyk gurallarynyň kämilleşen görnüşde bolmagy türkmen halyçylyk sungatynyň öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny tassyk edýär.

     Taryhçy alymlaryň ençemesi dokmaçylyk gurallaryny aňsatlyk bilen söküp we başga ýerde düzüp bolýandygyna esaslanyp, türkmenleriň çitimli halylarynyň çarwaçylyk bilen baglylykda ýüze çykandygyny belleýärler. Bu ýagdaý kiçi göwrümli halylar babatda dogry bolsa-da uly göwrümli halylar barada alnanda hakykata dogry gelmeýär. Çünki uly göwrümli halylar birnäçe adamyň bilelikde dokamagynda, öý şertlerinde bäş-alty aýa çenli dowam edipdir. Bu bolsa halyçylygyň ýerli, oturymly ýagdaýa mahsusdygyny görkezip, taryhy nukdaýnazardan ilatyň oturymly ýaşaýşa ymykly geçendigini aňladýar.

     Türkmen taryhyny öwrenmäge uly goşant goşan belli arheolog, alym W.I. Sarianidiniň işlerinde türkmen halylarynyň, haly nagyşlarynyň üç müň ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan gap-gaçlardaky nagyşlar bilen meňzeşliginiň bardygy baradaky maglumatlar bar. Hormatly Prezidentimiziň “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly eserlerinde getirilýän maglumatlara görä, Änewden we Sumbar jülgesindäki Parhaý ýadygärliginden tapylan küýzelerdäki “Sygyrguýruk”, “Tazyguýruk”, “Ityzy”, “Öküzburun” , “Guşyzy”, “Guşdyrnak”, “Gazaýak”, “Dyrnakgöl”  ýaly nagyşlar  häzirki döwürde hem türkmen haly önümlerinde giňden ulanylýan nagyşlardyr.

     Göksüýrüden tapylan küýzelerdäki nagyşlar hem häzirki haly we keçe önümlerinde giňden ulanylýan “Gelinbarmak”, “Tegbent”, “Dogajyk”. “Alaja”, “Goçak” atlary bilen belli bolan nagyşlarymyzdyr. Änew medeniýetine degişli ýadygärliklerden tapylan küýze gap-gaçlaryň ýüzünde inedördül, sekizburçluk şekiller bar. Olar biziň häzirki günlerimizde hem halyçylyk sungatynda giňden ulanylýar. Bu şekilleri häzirki zaman haly önümlerindäki “Çemçegölleriň”, “Sekizgoçaklaryň”,  “Sekizkeşdeleriň”  we beýleki nusgalaryň şekillerinde görmek bolýar.

     Türkmen halkynyň kalbyna deňelýän halylaryň diýseň gadymylygyny “Pazyryk” halylary-da tassyklaýar. 1947-nji ýylda alym S.I.Rudenkonyň ýolbaşçylygynda daglyk Altaýyň Pazyryk depesinde gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahalynda tapylan bu haly türkmen halylarynyň gadymy nusgasy hökmünde dünýä belli boldy.

     Hormatly Prezidentimiziň uly aladalary bilen ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergiler, ylmy-döredijilik duşuşyklary, işewürlik maslahatlary milli gymmatlygymyz bolan  halyçylyk sungatynyň taryhyny, şu gününi we geljegini dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak ugrunda ýadawsyz aladalar edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys!

     Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

                                                 Maýagözel   Sahydowa,

                                                    Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

                                                      institutynyň uly mugallymy