Daşary ýurt dillerini öwrenmek döwrüň talabydyr

     Bedew batly ösüşleri özüne hemra edinip, baky bagtyýarlyk ýolundan barha öňe barýan  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim-ylym ulgamynda hem dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu günki gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän bilim, ylym babatdaky Kanunlar, Permanlardyr kararlar, maksatnamalar, şeýle-de “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdurmegiň Konsepsiýasy’’, “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýaly resminamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny  binýadyny berkidýär.

     Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny amal etmän, eýsem depginli ösüş gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrülýär.

     Aslynda, her bir halkyň geçmiş taryhyna, ruhy mirasyna nazar aýlasak, dilleri öwrenmegiň ähmiýeti, zerurlygy baradaky pikirlere köp gabat gelmek bolýar. Köp dil bilen, köp biler. Adamyň akyllysy dil öwrener. Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam. Dil bilen dünýäni açar. Oguz han Türkmenden gözbaş alyp gaýdýan şeýle paýhaslar dilleri öwrenmegiň möhümligine ýene bir gezek şaýatlyk edýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda dilleri öwrenmäge giň mümkinçilikler açyldy.

     “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen karary hut şu zerurlykdan ugur aldy. Konsepsiýany durmuşa geçirmek üç tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyrda (2018-nji ýyl) bu ugurdaky halkara tejribesini öwrenmek, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, ikinji tapgyrda (2019-2020-nji ýyllar) daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlaryň kämilligini gazanmak, bu ugurda okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak, üçünji tapgyrda bolsa (2021-2024-nji ýyllar) daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksizligi, yzygiderli, özara baglanyşykly ulgamyny döretmek, bäsleşige ukyply mugallymlaryň täze neslini ýetişdirmek, bu ugurda innowasion usullary giňden peýdalanmak ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar.

     Konsepsiýanyň kabul edilmegi bilen, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlary hem öz işlerini täzeçe gurap başladylar. Olar institutda okadylýan daşary ýurt dillerini, ýagny iňlis, rus, hytaý, ýapon, nemes dillerini hünäre gönükdirip okatmakda uly tejribe topladylar. Bu ugurda mugallymlar we talyplar portalyň hyzmatyndan giňden peýdalanýarlar. Mugallymlar öz sapak ýazgylaryny, goşmaça maglumatlary, dürli gyzykly gönükmeleri, testleri, çekişme häsiýetli soraglary, öwrenýän diline degişli ýurtlaryň şeýle-de dünýä ýurtlarynyň täsinlikleri baradaky suratlar arkaly dürli ýumuşlary taýýarlap, olary öz sahypasynda ýerleşdirip, talyplaryň gyzyklanmasyny döredýärler. Talyplar mugallymyň sahypasyna girip, gönükmeleri, testleri we ýumuşlary çözmäge, pikir alyşmaga, soraglaryna jogap tapmaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle-de özbaşdak işleri ýerine ýetirýärler, aralyk we jemleýji synaglary tabşyrýarlar. Mugallym bu işe öz döredijilik zehinini siňdirip, işleriniň käbir bölegini olaryň üsti bilen hem gurnaýar. Talyplar öz atlary bilen hem çykyş edip bilýärler. Bu bolsa talybyň dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar.

     Portal arkaly mugallym bilen talybyň hyzmatdaşlygy ilki bilen wagty tygşytlamaga, her bir talyp bilen anyk işlemäge, daşary ýurt dillerini sanly ulgamyň syrlaryna içgin aralaşmak bilen utgaşykly öwrenmäge mümkinçilik berýär. 

     Institutymyzyň daşary ýurt dili mugallymlary döwletimiziň ÝOM-lary, esasan hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, D.Azady adyndaky milli dünýä dilleri instituty, Türkmen döwlet Maliýe instituty ýaly ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde onlaýn sapaklaryny maslahatlary gurnaýarlar. Talyplar daşary ýurtlaryň abraýly ÝOM-lary bilen geçirilýän onlaýn okuw sapaklaryna, maslahatlara hem işjeň gatnaşýarlar.

     Türkmen halkynda “Iň oňat mugallym öwredýärkä, öwrenip bilýän mugallymdyr” diýlen pähim bar. Şol pähime görä, kafedranyň mugallymlary okuw-usulyýet maslahatlaryna aýratyn ähmiýet berýärler. Şonuň ýaly-da daşary ýurt dillerini öwretmekde sapakdan daşarky geçirilýän çäreleriň hem aýratyn ähmiýetini bellemegimiz gerek. Şeýle çäreler ýygy-ýygydan geçirilip durulýar. Olar aşakdaky ýaly ýörite düzülen maksatnama laýyklykda çäräniň mazmunyna görä atlandyrylyp geçirilýär:

-    “Bitarap diýarda nurana ýollar – türkmen şanyn dünýä doldurdy diller” atly çeper-döredijilik bäsleşigi (15.11. 2018ý).

-    Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen bilelikde “Sanly ykdysadyýete geçilýän döwürde daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň ýollary” atly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryň arasynda okuw-usuly  maslahaty (30.04.2019ý).

-    Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan “Bitarap diýarda ýollar nurana, Arkadag pähiminden bagta rowana” atly türkmen, iňlis, rus, hytaý, ýapon dillerinde baýramçylyk dabarasy (03.12.2019ý).

-    Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilelikde “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe dil syýasaty dabaralanýar” atly Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Aşgabat şäheriniň Kerim Gurbannepesow adyndaky ýöriteleşdirilen 52-nji hem-de ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdepleriniň daşary ýurt dili mugallymlarynyň gatnaşmagynda okuw – usuly maslahat (10.01.2020ý).

-    Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Seýitnazar Seidi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen “Hormatly Prezidentimiziň kitaplary ýaşlarda giň dünýägaraýşy kemala getirmegiň we milli terbiýäni bermegiň usulyýet esasydyr” atly usuly sapak (30.09.2020ý).

-    “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde geçiren “Sanly bilimiň gazananlary arkaly daşary ýurt dilini okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak” atly okuw-usuly onlaýn maslahaty (3.12.2020ý).

    Mundan başga-da institutymyzyň iňlis dili mugallymlary öz mugallymçylyk ussatlygyny orta mekdepler bilen hem paýlaşýarlar. Mekdep okuwçylaryny döwlet bäsleşiklerine taýýarlamaga kömek edýärler. Bu işler, esasan, Aşgabat şäheriniň Kerim Gurbnnepesow adyndaky ýöriteleşdirilen 52-nji hem-de ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdeplerinde alnyp barylýar.

    Institutymyzyň daşary ýurt dili mugallymlarynyň alyp barýan mynasyp işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän, watansöýüji hünärmenleriň kemala gelmegine ýardam eder diýmäge doly ynam döredýär.


                                                                                           A.G.Garaýew, 

                                                                       Daşary ýurt dilleri kafedrasynyň müdiri, 

                                                                            filologiýa ylymlarynyň kandidaty